Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen göçme sergi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bellenilýän milli toý-baýramlara däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize eýerilmegi, milletimiziň milli aýratynlyklarynyň, özboluşlylygynyň beýanyny düzýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde parahatsöýüjilik, hoşniýetli, dostlukly, syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
2022-nji ýylyň 24- nji oktýabrynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnaldy. Sergide muzeý gaznasyndaky esbaplardan halypa suratkeş N.Ýuriýew “Öýdäki myhmanlar”, A.Sowurow “Aýdym hem pagta”, M.Kakabaýew “Ak bugdaý”, A.Aşyrgeldiýew “Garry nohur”, S.Meredow “Çoluk”, R.Çaryýew “Dostlar”, H.Rejepow “Bathyz”, T.Sähedowa “Desterhan” ýaly birnäçe ajaýyp eserleri görkezildi.
Sergä gatnaşan talyp ýaşlar halkymyzyň täsin medeni-mirasyny hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.