Watany goramak mukaddes borçdur
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatyndan ugur alyp, her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni uly dabara bilen bellenip geçilýär. Ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda duran synmaz erkli, gujur-gaýratly merdana gerçeklerimize uly hormat-sarpa goýulýar. Bu şanly sene mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem «Watany goramak mukaddes borçdur» atly, muzeýiň taryhy we medeni gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Serginiň esasy maksady ýaş nesillerde watansöýüjilik ruhuny ýokarlandyrmak, watan mukaddesliklerini goramagy wagyz etmek bolup durýar.
Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Halkymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyna merdana watan goragçylarymyz özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň, beýik ogullaryň gahrymançylykly söweş ýollary harby serkerdelerimiz üçin gönezlik mekdebidir. Watan, göbek ganyň daman topragy, her bir türkmen üçin baş mukaddeslikdir. Halkymyz ene toprak, ata Watan diýip, ýurduny belent söýgi bilen goraýar.
Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan bu günki sergide muzeý gaznasynda goralyp saklanýan taryhy we medeni gymmatlyklar, Gökdepe söweşinde gahrymançylyk görkezen Dykma serdaryň, Gurbanmyrat işanyň, Magtymguly hanyň edermenliklerinden söhbet açýan suratlar şeýle-de ХХ asyrda adygan tanymal merdanalaryň türkmen milli sungat eserleri, nakgaş eserleri öz beýanyny tapar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňe gidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiziň Milli Liderimiz tarapyndan söýgi bilen gurşalmagy watançylyk duýgularynyň mizemez gözbaşydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Garaşsyz baky Bitarap watanymyzyň parahatçylygy ugrunda bitirýän işleriniň ýeňişlere ýar bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.