Kämil Konstitutsiýa – ýurdumyzyň ösüşleriniň binýady


Kämil Konstitutsiýa – ýurdumyzyň ösüşleriniň binýady

Her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni bellenip geçilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp «Kämil Konstitusiýa – ýurdumyzyň ösüşleriniň binýady» atly sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Esasy Kanuny döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň özara sazlaşykly ösüşini hukuk taýdan kepillendirmegi, ösen döwleti döretmegi, raýat jemgyýetini gurmagy, ruhy ahlak taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmegi üpjün etmegi ileri tutýar. Bu babatdaky köp ugurly tagallalaryň pugta hukuk binýadyny düzýär. Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet Baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý- mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlyklarymyzdyr.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, türkmen jemgyýetiniň sarpalanýan gymmatlyklarynyň, Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň, milli mirasymyzdan gözbaş alýan döwletlilik ýörelgeleriniň jemlenen beýanydyr.

Baýramçylyk sergide türkmenleriň guran birnäçe döwletleriniň – Oguz türkmenleriniň beýik Hun döwletiniň baýdagyny, Garahanly türkmenleriniň, Gaznaly türkmenleriniň, Beýik Seljuk türkmenleriniň, Köneürgenç türkmenleriniň, Eýýuby türkmenleriniň, Memluk türkmenleriniň, Osmanly türkmenleriniň, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň, Sefewi türkmenleriniň, Awşar türkmenleriniň döwletleriniň baýdaklarynyň suratlaryny görmek bolýar. Şeýle hem, sergide geçirilen baýramçylyklarda düşürilen fotosuratlary synlamak bolýar. Baýramçylyk sergide Gahryman Arkadagymyzyň galamyndan çykan kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik we sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli ajaýyp halylary hem görkezildi.