«Ýedi yklyma ýaýran türkmen halysy»


«Ýedi yklyma ýaýran türkmen halysy»



Halkyň baý milli mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolan türkmen haly önümleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her birimiziň öýümiziň toýumyzyň we ýaşaýşymyzyň ajaýyp bir bölegine öwrüldi. Öz gözbaşyny bäş müň ýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halysynyň baýramçylygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ýedi yklyma ýaýran türkmen halysy» diýen atly baýramçylyk sergisi gurnaldy.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän bu sergide, halypa ussatlar, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň «Türkmen ajaýyplyklaryny döredijiler» , Annadurdy Almämmedowyň « Halyçylar », Ýakup Annanurowyň «Dokmaçy », suratkeş Çary Hümmedowyň «Halyçylar» ýaly nakgaş eserleri bilen birlikde, türkmeniň beýik senedi bolan haly sungatyna bagyşlanan, heýkeltaraşlar Juma Jumadurdynyň « Halyçylar », Abdymuhammet Oramadowyň «Pikir» atly heýkel eserlerini we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, «Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn asyry » bäsleşiginiň ýeňijisi, haly boýunça dizaýner-modelýer, ussat haly suratkeşi Annabibi Yslamowanyň dokan haly önümleri hem sergilendi. Beýik sungatyň ussady Annabibi Yslamowanyň dokan işlerinde haly sungatynyň gadymy nagyşlaryny ulanyp, häzirki zaman torbalarynyň dürli görnüşlerini, dürli biçüwlerde ýerine ýetirip, türkmeniň bu beýik sungatyna täze öwüşgün getiripdir. Onuň çitiminiň syklygy, reňkleriniň ýerbe-ýerligi bilen sungatyň ajaýyplygy bolup lowurdaýan eserlere şu sergide göz ýetirdiler.Aýratyn reňk baýlygyny özünde jemleýän bu eserleriň ählisinde türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, şanly şu gününiň, arzuw-islegleriniň ajaýyp beýanyny görmek bolýar.