«Parahatlyk mekany - Bitarap Türkmenistan»


«Parahatlyk mekany - Bitarap Türkmenistan»



2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaşlaryň arasynda çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça geçirilen «Parahatlyk mekany – Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi we döredijilik sergisi geçirildi.
Bäsleşik «Türkmenistan¬ – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly Baştutanlygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ykdysady we medeni özgertmeleri wasp etmek, jemgyýetiň ruhy baýlygyny has-da artdyrmak, milli medeniýetimizi we sungatymyzy halk köpçüligine ýaýmak, şeýle-de çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň döredijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak we olary höweslendirmek maksady bilen geçirildi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri Diplomlar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Bäsleşikde tapawutlananlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýadygärlik hem-de höweslendiriji sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Şeýle-de bu ýerde geçirilen döredijilik sergisinde Garaşsyz Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşlerini, tebigatymyzy, milliligimizi wasp edýän çeper eserler dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş zehinleri ýüze çykarmakda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyşlar aýtdylar.