«Milli miras mertebäm»


«Milli miras mertebäm»

2020-nji ýylyň 16-njy martynda Döwlet muzeýiniň Bitaraplyk muzeýi şahamçasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki 64-nji orta mekdepde «Milli miras mertebäm» atly sergi gurnaldy. Bu sergide milli miras we tebigat bilen baglanşykly muzeý gymmatlyklary goýuldy. Milli mirasa degişli bolan haly önümleriniň görnüşleri, milli egin-eşikler we aýakgaplar, gündelik durmuşda ulanylan agaç çemçeler, agaç okaralar, suw gaplary bolan kündükdir tüňler, şeýle hem biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri görkezildi.

Okuwçylar sergide halkymyzyň gadymdan gelýän milli mirasy, maddy gymmatlyklarymyzyň asyl nusgalary bilen, guşlaryň görnüşleriniň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi bilen tanyşdylar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri halkymyzyň gadymy milli mirasynyň örän baýdygy we onuň ähmiýetiniň şu günlerde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda belent tutulýandygy barada, şeýle-de, ýurdumyzda seýrek duş gelýän haýwanlary, guşlary, ösümlikleri goramakda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.