Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli tegelek stol söhbetdeşligi


Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli tegelek stol söhbetdeşligi



Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda medeniýet we sungat ulgamynda gazanylýan üstünlikler barha ýokarlanyp, uly rowaçlyklara eýe bolunýar. Döwletimiziň ýeten derejesini ruhubelent wasp etmekde, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda, döwrüň medeniýetiniň we sungatynyň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenip has-da kämilleşmegini, täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde sungat işgärleriniň ajaýyp eserleri döretmekleri üçin Hormatly Prezidentimiz ähli zerur, şertleri, mümkinçilikleri döredip berýär. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täze ýyl baýramçylygy mynasybetli tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligi alyp baran Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Etnografiýa ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Merjen Nuryýewa, Söhbetdeşlige gatnaşanlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni Laçyn Tosyýewa, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Gülzada Garaýewa, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Sülgün Ähmedowa gatnaşdylar. Öňdebaryjy zenanlar ýurdumyzyň ösüşleri, dogrusynda täsirli söhbetler etdiler şeýle-de täze ýyl baýramçylyk gutlaglaryny ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Ýürekleri watan söýgüsinden doly zenanlarymyz Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.