Fransiýanyň Antropologiýa muzeýiniň direktory Andre Delýuş bilen online arkaly geçirilen wideokonferensiýa


Fransiýanyň Antropologiýa muzeýiniň direktory Andre Delýuş bilen online arkaly geçirilen wideokonferensiýa



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda muzeý işini kämilleşdirmekde, şeýle hem muzeýleri sanly ulgama geçirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda daşary ýurtlar bilen özara tejribe alyşmaga we maslahatlaşmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. 2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew bilen Fransiýanyň Antropologiýa muzeýiniň direktory Andre Delýuşyň arasynda maslahat geçirildi. Maslahata şeýle hem Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa gatnaşdy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Fransiýa Respublikasynyň ilçihanasynyň haýyşy boýunça guraldy. Maslahatyň barşynda Andre Delýuş fransuz muzeýiniň işi, ylmy barlaglary we has özüne çekiji eksponatlary barada gysgaça gürrüň berdi. Döwlet muzeýiniň direktory muzeýiň gymmatly tapyndylary barada durup geçdi. Fransuz we türkmen muzeýiniň ýolbaşçylary arheologik, etnografik eksponatlary rejelemegiň täze usullary barada pikir alyşdylar. Dürli ugurlar boýunça sergileri hem-de bilelikdäki çäreleri geçirmäge iki tarapyň hem gyzyklanýandygy nygtaldy. Andre Delýuş dürli ekponatlary öwrenmek babatda ýüze çykýan dürli sowallara jogap gözlemekde kömek bermäge taýýardygyny beýan etdi. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew Andre Delýuşa eden çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, maslahaty guraýjylara sag bolsun aýtdy.