Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Türkmen Garaşsyzlyk toýun toýlaýar” atly sergisi


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Türkmen Garaşsyzlyk toýun toýlaýar” atly sergisi



Häzirki günde Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Garaşsyzlygyň 31 ýyllyk şanly baýramçylyk toýuny toýlaýar. Watanymyzyň ähli künjeklerinde obadyr şäherlerimizde ak mermerli ymaratlaryň gurulmagy, geljegimiz bolan ýaşlar üçin döredilen şertler hem Garaşsyzlygymyzyň gazanan üstünligidir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet maksatnamalary ýurdumyzda bilim-ylym, ýaşaýyş-durmuş, saglyk ulgamlarynyň ösdürilmegi, halkymyzyň medeni ösüşini has ýokary derejelere ýetirdi.

Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ýurdumyzda güýçli depginli özgertmeler halkyň bagtyýar durmuşy, ýaş neslimiziň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Halypa suratkeşleriň hem-de ýaş suratkeşler täze öwüşginli eserleri bilen türkmen şekillendiriş sungatynyň täze tapgyryna gadam basdy.

Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli “Türkmen Garaşsyzlyk toýun toýlaýar” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergi halypa suratkeşleriň, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlarynyň, ussat heýkeltaraşlaryň we zergärleriň, talyp ýaşlaryň eserleri bilen baýlaşdyryldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatlarynyň biri hem halypa-şägirtlik ýolydyr. Bu ýoly dowam etmek biziň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyza baglydyr. Sergimiz häzirki zaman durmuşymyz barada, toýdur dabaralara beslenen diýarymyzyň däp-dessurlary, baýramçylyk toýlaryny wasp edýän eserlerden başlanyp, gadymy türkmen halkymyzyň durmuşy, däpleri we toýlary görkezilen eserler bilen dowam edýär. Her bir nakgaş, heýkel, keramiki we amaly haşam önümlerde Garaşsyz diýarymyzyň waspy özboluşly usulda we reňk sazlaşygynda ajaýyplyk bilen görkezilen.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň waspyny ýetirýän her bir eseriň düýp mazmunynda nurana Watanymyzyň gözel künjeklerini, türkmen halkymyzyň däp-dessurlaryny, dünýä ýüzünde tanalýan bedew atlarymyzyň, şaý-sepleriň we türkmen halysynyň waspy we bagtyýar durmuşy beýan edilýär. Dutaryň tary deý saýraýan reňk öwüşginleri tomaşaçylary özüne çekýär.

Halkymyzyň asuda, parahat, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin.