Dost-doganlyk gatnaşyklary


Dost-doganlyk gatnaşyklary



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasaty barha giň gerime eýe bolýar. Dünýä döwletleri bilen parahatçylyga, halklaryň abadançylygyna we ählumumy ösüşe ýardam edýän oňyn we netijeli işler amala aşyrylýar. Şunda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýakyn goňşusy we Merkezi Aziýa sebitinde okgunly ösýän döwletleriniň biri hem Özbegistan Respublikasydyr. Özbegistan häzirki zamanda ykdysady ösüşi, ägirt uly önümçilik kuwwaty we owadan, döwrebap şäherleri ajaýyp taryhy ýadygärlikleri bilen meşhurdyr.

Türkmenistanyň hoşniýetli goňşusy bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2022-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda ýurdumyzda iki günlük resmi iş sapary amala aşyrdy. Özbek Lideri resmi iş saparynyň dowamynda paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gelip “Ruhy tagzym”, “Baky şöhrat”, “Milletiň ogullary” ýadygärliklerine gül desselerini goýup, ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýine geldi. “Watan mukaddesligi” muzeýiniň öňünde hormatly belent mertebeli myhmany we wekiliýeti muzeýde mähirli garşy aldylar. Özbek Prezidentine we myhmanlara muzeýe gezelenç täsirli bolup öz beýanyny tapdy. Özbek Lideri muzeýiň sergi bölümleri bilen tanşyp, ýörite myhmanlar üçin ýadygärlik kitabynda ýazgy galdyrdy.

Goý, ata Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak bolsun!

Maksat KERIMOW.