«Türkmeniň mirasynda keçe sungatynyň orny»


«Türkmeniň mirasynda keçe sungatynyň orny»



Türkmen halkynyň baý we köp ugurly amaly-haşam sungatyna haly, zergärçilik, milli lybaslar bilen bir hatarda keçe we keçe önümleri hem degişlidir. Türkmeniň amaly-haşam sungatynda halkyň ýaşaýşy we durmuşy öz beýanyny tapypdyr.
Arkama-arka dowam edip, biziň günlerimize gelip ýeten el işleriniň biri bolan gülli keçelerimiz öýlerimiziň, toýlarymyzyň ýaraşygydyr. Türkmen zenanlarynyň döredýän nepis sungaty halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülip, döwrümiziň ösüşleri bilen sazlaşýar.
Keçe etmeklik hem gadymdan bäri däp bolup gelýär. Türkmen keçeleri owadanlygy, berkligi we jana ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Halkymyzyň durmuşynda türkmen keçesiniň ähmiýeti uludyr. Sap ýüňden edilen keçäniň saglyga ýaramy üýtgeşikdir. Ene-mamalarymyz bu düşegi senet derejesine ýetiripdirler. Keçe diňe düşek däldir. Türkmeniň ak öýüniň «eşigi» hem keçeden edilipdir.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmeniň mirasynda keçe sungatynyň orny» atly sergi gurnaldy. Sergi Hormatly Prezidentimiziň suraty we medeni mirasymyz barada aýdan gymmatly sözleri bilen başlanýar.
Bu sergide muzeýiň «Maddy gymmatlyklar» gaznasynda goralyp, aýawly saklanylýan, bäş welaýatyň milli nagyşlary bilen bezelen keçe we keçe önümleriniň birnäçesi, ýagny, düşeklik keçeler, ojakbaşy, atkeçeleri, keçeden bukjalar, keçe asmalyk we keçe taýýarlamak üçin ulanylýan zähmet gurallary bolan ýüň daraklar, dürli reňkli ýüňler we pişgeler görkezilip, türkmen zenanynyň keçäni gülläp oturan pursady hem sergä aýratyn gözellik berýär. Şeýle-de serginiň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Ö.Mämmetnurowyň keçe sungatyna bagyşlap döreden birnäçe eserlerini hem görmek bolýar.
Bu çäre dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow tarapyndan açyldy. Serginiň açylyşyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1 derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň hünärmeni Şaperi Orazowa we «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa gatnaşdylar.