Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Aşgabat şäheriniň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi


Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Aşgabat şäheriniň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik rowaçlyklara beslenýän türkmen halkynyň medeniýeti müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrmagyň aýdyň ýörelgesi boldy. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde dürli baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda, sergiler, medeni çäreler yzygiderli geçirilip, türkmen taryhy sungat ussatlarynyň döredijilikleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. 2021-nji ýylyň “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilýänliginiň beýanydyr.

Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygynyň toý dabarasyny toýlap, Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde medeni çäreler, sergiler diňe bir muzeýde geçirilmän, diýarymyzyň ösüşleri, üstünlikleri, taryhymyz we gündelik ýaşaýyş-durmuşymyz göçme sergilerde sungat eserleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.
Aşgabat şäheriniň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebinde geçirilýän bu sergi türkmen taryhyny, milliligini, ajaýyp tebigatyny kendire geçirip, taryhda galdyrmakda uly işler bitiren nakgaşlardyr heýkeltaraşlarymyzyň muzeý gaznasyndaky eserlerinden düzüldi.
Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýakup Annanurowyň, Annadurdy Almämmedowyň, Ýarly Baýramowyň, Hajy Atakgaýewiň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Gennadiý Babikowyň, Kakageldi Seýitmuhammedowyň, Mämmet Mämmedowyň, Muzaffar Daneşwaryň, suratkeşler Walentin Kudrýaşowyň, Rejep Muhammedowyň, Merdan Kakabaýewiň sergide ýerleşdirilen nakgaş we grafika eserlerinde parahat ýurdumyzyň ösüş ýoluny görmek bolýar. Ösüşlerden-ösüşlere beslenýän Watanymyzyň ýetjek belent sepgitleri rowaç alsyn.