«Watan mukaddesligi» muzeýinde
Hormatly Prezdentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň taryhyny öwrenmek merdana pederlerimiziň sarpasyny belentde tutmak şu günki we geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda uly isler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň gadymy mirasyny, mukaddes ýoly öwenmek, olary goramak bilen watanmyzyň beýikligine taryhynyň şöhratlydygyna göz ýetirýärsiň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilýän 1941-1945-nji ýylda bolup geçen söweşde gazanylan Beýik ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň merkezi geňeşiniň işgärleri, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň we hormatly mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda «Watan mukaddesligi» muzeýine düşündirişli gezelenç gurnaldy. Olara muzeýiň işgärleri tarapyndan gyzykly ekskursiýa berlip Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew baradaky maglumatlar has hem täsirli boldy.
Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny has çuňňur öwrenip geljekki nesillerimize ýetirmekde milli mirasymyza içgin aralaşýan muzeý işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Türkmen muzeýleri bu gün uly ynam bilen halkara derejesine çykýar Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüji syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdymyzyň muzeýlerinde hem şeýle işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar bu bolsa muzeýe gelýän raýatlarmyzda hem-de ýurdymyzyň myhmanlarynda uly täsir galdyrýar.