«Halkyň öçmez çyragy, beýik ussat Pyragy» atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşligi


«Halkyň öçmez çyragy, beýik ussat Pyragy» atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşligi

2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenip geçiler. Şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä edebiýatynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan ýylyň ilkinji günlerinde Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde «Halkyň öçmez çyragy, Magtymguly Pyragy» atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşlikde Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz mugallymlary we talyplary çykyş etdiler. Çykyşlarda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ynsan kalbyny ruhlandyrýan ajaýyp goşgulary dogrusynda söhbet edildi we aýdymlar aýdyldy. Beýik Pyragynyň döredijiligi, tutuş adamzada söz mülküni- bahasyna ýetip bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Magtymguly özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär.

Türkmen halkynyň edebi mirasyny halka we dünýä ýaýmakda giň ýol açan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.