MILLI ÖNÜMLERIŇ HALKARA SERGISI


MILLI ÖNÜMLERIŇ HALKARA SERGISI



Awgust aýynyň 6-na Türkmenbaşy şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen möhüm çäreler geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň parahatçylygyň, dost-doganlygyň merkezidigini, şöhraty dünýä dolan türkmen myhmansöýerliginiň iň naýbaşy däplerini açyp görkezýär.
«Awaza» Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň myhmanlaryny garşylady. Bu ýerde sebit ähmiýetli iri halkara çäreleriň altysy geçirildi, has takygy, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi, ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlaryň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisi, sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti geçirildi.
Döwlet derejesinde geçirilen bu dabara mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet ministrligi tarapyndan birnäçe çäreler gurnaldy. Şol çäreleriň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem türkmen medeniýeti we milli sungaty, däp-dessury, taryhy barada gürrüň berýän sergileri gurnady.
Sergilerde muzeýiň gaznalarynda saklanylýan amaly-haşam sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryna uly orun berildi. Onda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen türkmen halylary we haly önümleri, milli egin-eşikleri, kümüşden ýasalan bezeg şaýlary, durmuş esbaplary görkezildi. Daşary ýurtdan gelen myhmanlarda sergi uly täsir galdyrdy.