Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmen tebigatynyň gözelliginiň waspy


Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmen tebigatynyň gözelliginiň waspy

Bagtyýar zamanamyzda üstünliklere beslenip gelýän ýyllaryň her biri taryha altyn sene bolup ýazylýar. «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, täze – 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyz üçin buýsançly waka öwrüldi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Döwlet muzeýiniň bilelikde gurnamagynda 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmen tebigatynyň gözelliginiň waspy» atly maslahat geçirildi.

Maslahata ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň görnükli wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda halkyň asuda, bagtly durmuşyny arzuwlan beýik şahyryň pähim-parasatdan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlary okaldy. Magtymguly Pyragynyň ýüreginiň halk, Watan, adamzadyň rahat durmuşy diýip urandygy, bu arzuwy amala aşyrmagyň ýollaryny ilkinji bolup aýdyň görkezen we bu ugurda azap baryny çeken şahsyýetdigi barada aýdyň beýan edildi.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan döwlet bähbitli işlerinde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler.

Maslahatyň çäklerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylyň şygary bilen muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy. Maslahatdan soňra myhmanlar muzeýde guralan sergini aýlanyp gördüler.