«Merdana gerçeklere – baky şöhrat»


«Merdana gerçeklere – baky şöhrat»



Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistan özüniň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek biragyzdan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet bolup, şu ýyl Bitaraplygyna 25 ýyl dolýar. Türkmenistan Bitaraplygyň hukuk derejesine eýermek bilen ýöredýän parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň netijesinde bütin dünýä jemgyýetçiliginde uly at-abraýdan peýdalanýar.
Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Merdana gerçeklere – baky şöhrat» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan Döwlet nyşanlarynyň fotosuratlaryna, Arkadagymyzyň Beýik Ýeňiş barada aýdan pähimli sözlerine hem-de Garaşsyzlyk döwrümizi wasp edýän zergärçilik eserlerine görnükli ýerde orun berilýär.
Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen keşbi, şonuň ýaly-da, «Älem içre at gezer», «Watanyň wepaly ogly» ýaly birnäçe eseri görnükli ýerde ýerleşdirildi. Bu urşa gatnaşan Gurban Durdy, Aýdogdy Tahyrow, Annagylyç Ataýew, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow ýaly gahrymanlaryň fotosuratlary we belli suratkeş K.Hnykin tarapyndan döredilen uruş gahrymanlarynyň portretlerini, tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek üçin altyn-kümüş bezeg şaýlaryny, esgerler üçin ýyly egin-eşikleri tabşyryp duran dokumental fotosuratlary, şol döwürde ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň makedi, Stalingrad şäheriniň goralmagyna gatnaşan, general Ýakup Kulyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmen atly diwiziýasynyň söweş ýolyna uly orun berilýär. Serginiň merkezinde bolsa, muzeýiň gaznasynda saklanylýan ot açýan ýaraglar we başga-da uruş ýyllarynda peýdalanylan birnäçe esger esbaplary hem görkezilýär.
Sergä döredijilik adamlary, ýaşulular, medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy. Ol 1941-1945-nji ýyllaryň gazaply urşunda türkmenistanly ýigitleriň doganlyk halklarynyň wekilleri bilen egin-egne berip, deňsiz-taýsyz edermenligiň we gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezendikleri barada çykyş etdi. Şeýle-de dabarada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň ylmy bölüminiň başlygy Ahmet Annanepesow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmet Garlyýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Şyhmustapa Hudaýberdiýew, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Akmyrat Hojanyýazow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwran Agalyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa, Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşiginiň baş hünärmeni Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Perhat Çaryýew, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Rejepmyrat Allaberdiýew çykyş etdiler.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň talyplary, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylary myhman hökmünde gatnaşdylar.