Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmen alabaýy wepadarlygyň nusgasy” atly döredijilik bäsleşiginiň jemi


Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmen alabaýy wepadarlygyň nusgasy” atly döredijilik bäsleşiginiň jemi



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli pudaklarda sazlaşykly ösüş gazanylmagynda döredilýän ähli mümkinçilikler bilen bir hatarda türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiziň has-da şöhratlandyrylýanlygynyň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halky özüniň wepaly dosty hasaplaýan alabaý itleri milletimiziň at-abraýyny artdyryp gelipdir.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasynyň türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmen alabaýy wepadarlygyň nusgasy” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlar öz eserleri bilen gatnaşdylar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bäsleşigiň jemi jemlendi. Bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilen eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşan ýazyjy şahyrlar şular ýaly bäsleşiklere gatnaşmaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.