«Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty» atly sergi


«Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty» atly sergi



Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda» Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty» atly sergi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Garaşsyzlyga guwanmak bagtdyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden ähli arzuw-islegleri Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl boldy. Toý-baýramlaryň seresi-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk dabaraly toýy kalplary Jeýhun derýasy kimin joşduryp, milletiň ruhuna ruh, mertebesine mertebe goşýar. Çünki Garaşsyzlyk halkyň bagtynyň çüwmegidir, ýaşaýyş derejesiniň batly depginler bilen ösmegidir. Garaşsyzlyk ýurduň ykdysady, syýasy, medeni taýdan galkynyşyny üpjün etmek bilen birlikde, il-ulusyň aň-düşünjesini, milli buýsanjyny, Watana bolan söýgüsini hem kämilleşdirýär. Mähriban Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatynyň dabaralanmagy, ýurduň abraýynyň dünýä derejesinde barha artmagy hem Garaşsyzlygymyzyň beren miweleridir.

Sergä gatnaşan myhmanlar Garaşsyzlyk ýyllarynda baý medeni mirasyny, onuň dünýä medeniýetine goşýan goşandy, türkmen medeniýetiniň döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýändigi we bütin dünýä ýaýylýandygy hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň geljegi, şu güni barada örän täsirli giňişleýin gürrüň berdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asuda abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!