Muzeýara wideo-aragatnaşyk maslahaty


Muzeýara wideo-aragatnaşyk maslahaty



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkyň däp-dessurlaryny, milli aýratynlyklaryny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýakynda ýurdumyzyň muzeýleriniň arasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň hormatyna sanly ulgam arkaly wideo aragatnaşyk maslahaty geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow alyp bardy. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň dekabr aýynda Medeniýet ulgamynyň işgärleri bilen wideo aragatnaşyk arkaly eden duşuşygyndan gelip çykýan wezipeleri, ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylmaly işleriň hem-de şu ýylda belleniljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralary ýokary derejede alyp barmakda muzeý işgärlerine rowaçlyklary arzuw etdi.
Soňra wideo aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýaňybaýewa, Gökdepe milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow dagy çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň muzeý işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekde, şeýle hem 2021-nji – «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda muzeýleriň işini sanly ulgama geçirmekde has hem berk zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.