Arkadagly döwrümizde göwünleriň ganaty bedew ajap, sungat asly behişt-zamanaň zynaty bedew


Arkadagly döwrümizde göwünleriň ganaty bedew ajap, sungat asly behişt-zamanaň zynaty bedew



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilmegi netijesinde milli we dünýa medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýy barha belende galýar.
Milli Liderimiziň “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýen kitaby hem deňi-taýy bolmadyk bedewler üçin edebi ýadygärlige öwrülip, asyrlaryň jümmüşinden geçip gelýän ajaýyp bedewlere bolan aýratyn hormatynyň hem-de çäksiz söýgüsiniň çeşmesi bolup durýar.
Ine bu günkü gün ahalteke bedewlerimiziň waspyny Şekillendiriş sungaty eserleriniň üsti bilen halka ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde sergi gurnaldy.
Bu sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň ýerine ýetiren türkmeniň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedew atlarymyza bagyşlap döredilen nakgaş eserleri sergä gatnaşan adamlarda özüniň täsirini galdyrdy. Biziň taryhymyzyň şeýle hem türkmen bedew atlarymyzyň dünýä ýüzünde at owazynyň belende göterilmegi üçin uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, işleri rowaç bolsun.