Türkmen döwlet medeniýet institutynda göçme sergi gurnaldy


Türkmen döwlet medeniýet institutynda göçme sergi gurnaldy



Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň nakgaş eserlerinden we keramika önümlerinden düzülen göçme sergi gurnaldy.

Sergide A.Hajyýewiň «Magtymguly halk arasynda», D.Polatowanyň «Gözellik», M.Kakabaýewiň «Ýedigen», Ý.Adamowanyň «Dutar hakda söhbet», A.Taganowyň «Seýitjemaleddiniň ýadygärligi» atly ajaýyp sungat eserleri sergilendi.

Sergi talyp ýaşlarda we sergini synlanlarda uly täsir galdyrdy. Talyp ýaşlar ylym-bilim almaga döredijilik bilen meşgullanmaga döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan edýärler.