Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň baýlygy


Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň baýlygy



Berkakar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gadymy we gahrymançylykly taryhy bolan türkmen halkynyň örän baý medeni mirasy düýpli öwrenilip, täzeden dikeldilip, milli we umumadamzat gymmatlygy hökmünde aýawly goralyp saklanylýar.

Ak şäherimiz Aşgabadyň Günorta-Günbatarynda ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Kansewatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary gezelenje gelip muzeýdäki eksponatlar bilen tanyşdylar.

1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Watanyň Garaşsyzlygy, halkymyzyň azatlygy ugrundaky söweşen milli gahrymanlarymyzyň şöhrat diwary onuň merkezinde bolsa, zehinli, halypa mugallym, edermen esger we ajaýyp şahsyýet Türkmenistanyň hormatly Il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň portreti ýerleşdirilen bölüminde köp dürli sorag jogap arkaly düşündirişli gezelenç giňden öz beýanyny tapyp gezelenje gelen hünärmenler üçin has hem gyzykly boldy. Muzeýiň beýleki bölümlerinde hem uly gyzyklanma bilen gurnalan gezelenç olarda ekskursiýanyň elektron sanly ulgam arkaly görnüşi has-da täsirli geçdi.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmek, ösdürmek, kämilleşdirmek, we geljekki nesillere ýetirmek barada yzygiderli aladalar edýär. Her bir işde milli ýörelgämizden ugur alyp, nusgalyk görelde görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda eziz Diýarymyz ösüşlerden-ösüşlere bedew bady bilen gadam ursun! Şeýle bagtyýar günleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, tutýan tutumlary rowaçlyklara beslensin!