Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy


Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy



Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildiniň neşir edilmegi milli Liderimiziň lukmanlaryň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň toparyna niýetlenendir. Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda belli bir ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň tanymal syýasatçylary, döredijilik adamlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde myhmanlar muzeýde gurnalan «Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň ülkesi» atly sergini aýlanyp gördüler. Serginiň iň görnükli ýerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň hala çitilen nusgasyny, milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik kitabynyň hemme tomlary, şeýle hem daşary ýurt dillerine terjime edilen nusgalary ýerleşdirilipdir.
Bu sergide muzeýiň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň gaznasynda saklanylýan ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň gerbarileri, şol dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary, ösümliklerden taýýarlanan dermanlyk serişdeleri görkezilýär. Ýurdumyzyň topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň fotosuratlary hem baý tebigatymyzyň gözelligini açyp görkezýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy hem barha ösýär. Sergide ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen sagaldyş merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň binalarynyň fotosuratlary görkezilýär.
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bu ylmy ensiklopediýa türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylýan ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup durýar.