Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän “Güller size” atly sergi
Medeniýet we sungat işgärleri öz döredijiligi bilen bu baýramçylyklara öz goşandyny goşýarlar. Muzeý işgärleri hem öz gezeginde türkmen sungatynyň taryhyna giren nusgawy eserleri sergä çykaryp, geljekki ýaş nesil suratkeşlere sekillendiriş sungatyny synlap özleşdirmekleri üçin mümkinçilik döredýärler. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem däp bolşy ýaly Halkara zenanlar güni mynasybetli “Güller size” atly sergi gurnaldy.
Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ýagmyr Öräýewiň şahsy ýygyndysyndan türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhynda ýatdan çykmajak yz galdyran ussat halypalaryň eserleri sergilenen.
Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen eşretli zamanada, bagtly durmuşda ýaşaýan döwrümizde şeýle ajaýyp sergileri gurnamak halk üçin, täze nesil üçin hem örän ähmiýetlidir.