Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň netijesinde uly üstünlikleri, bähbitli özgertmeleri başdan geçirýär.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylan ýylynda ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, taryhyny hem-de medeni-mirasyny dünýä ýaýmakda köp işler alnyp barylýar.
2022-nji ýylyň 19-24 nji sentýabrynda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeýiň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnady. Sergide halypa suratkeş Aýhan Hajyýewiň “Meňli”, Ýakup Annanurowyň “Baýrak gazanan”, Ýewgeniýa Adamowanyň “Dutar hakynda söhbet” atly nakgaş eserleri we keramikaçy A. Taganowyň “Näziklik”, M.Ataýewanyň “Hereket”,N.Ataýewyň “Bahar” ýaly birnäçe ajaýyp eserleri görkezildi.
Sergä gatnaşan talyp ýaşlar halkymyzyň täsin medeni-mirasyny hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.