Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji Zenanlar guramasynyň geçirmeginde “Zenan suratkeşleriň döredijilik duşuşygy” atly tegelek stol ýazgysy


Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji Zenanlar guramasynyň geçirmeginde “Zenan suratkeşleriň döredijilik duşuşygy” atly tegelek stol ýazgysy



Türkmen halkymyzyň taryhynda, medeniýetinde we sungatynda ajaýyp orun alan gadymdan galan ene-mamalarymyzdan miras gelýän, zenan el işleri bu günki gün ussat halypa suratkeşleriň ýerine ýetiren ajaýyp nakgaş eserlerinde uly gözellige mynasypdyr. Bu aýdanlarymyza, mysal hökmünde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi bölümlerinde ýerleşdirilen, göze ýakymly nusgalyk zenan el işleri, bilen bagly, her bir nakgaş eserlerinde, ilkinji gözüňe ilýän şekiller türkmeniň halyçylyk, keşdeçilik we başgada birnäçe amaly-haşam sungatyna degişli bolan ajaýyp eserlerdir, olarda tebigatyň gülleriň we guşlaryň şeýle hem ösümlük, dünýäsi bilen baglanyşdyrylan owadan nagyşlar bilen nagyşlanan zenan el işlerini zehinli halypa suratkeşleriň ýerine ýetiren ajaýyp eserlerinde eriş-argaç bolup geçýär.

Golaýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji Zenanlar guramasynyň geçirmeginde “Zenan suratkeşleriň döredijilik duşuşygy” atly tegelek stol ýazgysy geçirildi. Ýazgy “Miras” teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, gepleşigi şol teleradioýaýlymyň redaktory Çynar Şallyýewa alyp bardy. Gepleşige Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň mugallymy Merjen Amangylyjowa, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Ogulşirin Amangeldiýewa gatnaşdylar. Gepleşikde Sülgün Hojagulyýewanyň eserleri ilki bilen türkmen halkynyň geçmişdäki ýaşaýşyny we gündelik durmuşyny şöhlelendirýän sýužetleri bilen özüne çekýändigi suratkeş öz halkynyň taryhyny örän gowy görenligi we halkynyň adalatlaryny, däp-dessurlaryny, gylyk-häsiýetlerini, medeniýetini, milli egin-eşigini, bezeg şaý-seplerini, halylaryny we başga-da halkyň köp baýlyklaryny görkezendigi dogrusynda gürrüň edildi. Şeýle-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde nakgaş zenanlaryň alyp barýan işleri dogrusynda söhbet edildi.

Gepleşige gatnaşan myhmanlar zenanlara goýulýan sarpa üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.