Göçme sergi guraldy


Göçme sergi guraldy



Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda hemmetaraplaýyn üstünliklere ýetmek üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan häzirki döwürde beýleki dostlukly döwletler bilen hyzmatdaşlygyny diňe parahatçylyk ýoly bilen alyp barýar. Ýurdumyz şanly senelere beslenjek «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklarynda özara hyzmatdaşlyklaryny ynanyşmak ýoly bilen diňe parahatçylyk ýagdaýynda alyp barmakda birnäçe maksatnamalary göz öňünde tutýar. Gysga wagtyň içinde Garaşsyz ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, dostlukly döwletler, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak, deň hukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady.
Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan etmegi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyny döwlet derejesinde bellemek barada kararnamany kabul etmegi bizi diýseň buýsandyrýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan ajaýyp sergi gurnaldy. Sergide Döwlet muzeýiniň maddy medeniýet gaznasynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar sergilendi. Olardan: haly we haly önümleri, milli saz gurallarymyz, dokmaçylykda ulanylýan birnäçe esbaplar: ýumaklar, ikler, darak we öý hojalygynda ulanylýan gap-gaçlar sergilenen, şeýle-de serginiň görnükli ýerinde ýurdumuzuň tebigat gözelliklerini we ösümlik dünýäsini şekillendirýän halylar görkezilen.