“Olar ýüreklerde ebedi ýaşar” atly baýramçylyk sergisi
Ýurdumyzda “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarly ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenmeginiň, ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň toýunyň toýlanmagynyň şatlykly günlerinde ýene-de bir şanly waka – Beýik Ýeňişiň 76 ýyllygy ählihalk bolup toýlanylýar. Bu toý-baýramçylygyň dabarasy tutuş Diýarymyzy şatlyk bilen gurşap aldy. Onuň şanyna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde „Olar ýüreklerde ebedi ýaşar“ atly sergi gurnalyp tomaşaçylara hödürlendi.
Üstünden ýarym asyrdan köp wagtyň geçendigine garamazdan, bu Ýeňşe ýetmek üçin çekilen ýitgiler häli-häzirlerem halkyň ýüreginden çykanok. Her bir ojaga özüniň ajy möhrüni basyp geçen ikinji jahan urşunyň ýeňiş bilen tamamlanmagynyň 76 ýyllygyny belleýän halkymyz oňa gatnaşan gahrymanlaryny hatyralap, olaryň ýadygärliklerine gül desselerini goýýarlar. „Hemme zat front üçin – hemme zat ýeňiş üçin“ diýen şygar bilen zähmet çeken halk köpçüliginiň agyr günleri sergidäki eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär we uruş ýyllarynyň ilkinji ajy habarlaryndan başap ýeňiş habaryna çenli türkmen halkynyň durmyşynda bolup geçýän wakalary görkezýär.
Uruş ýyllarynda halkyň durmuşy şol döwrüň sungatynyň gaýtalanmajak häsiýetini döretdi. Bu aýylganç urşa gatnaşan Türkmenistanly suratkeşler öz eserlerinde durmuşyň agyrlygyny, gahrymançylyklary suratlandyrmak bilen birlikde, duşman bilen ählihalk söweşini hem beýan etdiler. Bu ýagdaý frontçy suratkeşler Gennadiý Babikowyň “Ýaňlan aýdym”, Yzzat Gylyjowyň “Seýitnyýaz Ataýewiň portreti”, Ýakup Annanurowyň “Halk we front birdir”, Wladimir Pawloskiniň “Böwsüp geçmek”, Iwan Ilýiniň “Geldiýew Rahmanyň portreti”, Nyýazmyrat Dowodowyň “Esgerler bilen duşuşykdan soň”, Iwan Çerinkonyň “Uruş weteranlary”, Nikolaý Çerwýakowyň “Dynç alyş” atly sergide ýerleşdirilen nakgaş işlerinde, Annameret Taganowyň “Gutlaýarys”, Muhammet Ýüzbaşewiň “Garaşmak”, Alekseý Şetininiň “Ýeňiji”, Welmyrat Jumaýewiň “Ýeňijiler” atly heýkel we keramika eserlerinde has aýdyň açylyp görkezilýär. Suratkeşleriniň sergide ýerleşdirilen eserleri baý reňkleriň utgaşmagynda şatlykly we gynançly pursatly, milli äheňlidir.
Şanly baýramçylyklaryň ýylynda toýlanýan beýik ýeňişiň 76 ýyllygy bilen ähli türkmen halkyny, hormatly Prezidentimizi gutlaýarys. Janyňyz sag bolsun!