Dabaraly duşuşyk


Dabaraly duşuşyk



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda muzeý işini has-da kämilleşdirmek, muzeýleriň işiniň ösdürilmegi boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Muzeýleriň gaznahanalary ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijelerinde tapylan birnäçe taryhy gymmatlyklar bilen üsti ýetirilip durulýar we ol tapyndylar muzeýleşdirilýär hem-de goralyp saklanylýar.
Şeýle taryhy tapyndylaryň arasynda bolsa rejeleýiş işlerine mätäçleri hem bolýar. “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Gäwür gala ýadygärliginden tapylan birnäçe bölekden ybarat bolan Buddanyň heýkeliniň kellesi muňa mysal bolup biler. Bu gymmatly tapyndy Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkel bolup, ony Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan kabul edilen “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy” atly maksatnamanyň çäklerinde yglan edilen bäsleşige hödürleýär. Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkelini rejelemek boýunça taslama 2021-nji ýyl üçin bäsleşikde saýlanylyp alynýar.
Bu şanly waka mynasybetli bolsa 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dabaraly duşuşyk geçirildi. Dabaraly duşuşygy ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet işleri boýunça atteşesi Naýjel Robinson açdy we ähli gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Soňra ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimou çykyş etdi we “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy” atly maksatnamanyň 2021-nji ýyl tapgyrynyň ýeňijisini yglan etdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy” atly maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hödürlän taslamasynyň ýeňiji hökmünde saýlanylmagyna muzeý işgärleriniň adyndan minnetdarlyk sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimize, jenap Ilçi Mettýu Klimou çäksiz minnetdarlygyny bildirdi.
Dabaranyň dowamynda wideo aragatnaşyk arkaly Jan Pol Getti muzeýiniň Baş rejeleýjisi we Gadymy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň başlygy hanym Suzan Gänzik çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkelini rejelemek işlerini nähili alyp barjakdyklary barada giňişleýin durup geçdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza muzeý ulgamyny kämilleşdirmekde we taryhy-medeni mirasymyzyň ýadygärliklerini dikeltmekde alyp barýan işleri hem-de bu ugurdaky taýsyz tagallasy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar. Şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Mettýu Klimou hem-de bu ugurdaky işleri alyp barýan amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdiler.