«Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli göçme sergi


«Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli göçme sergi



2020-nji ýyla «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» diýlip at berilmegi uly bir many mazmuna eýedir. Türkmenistan daşary syýasy strategiýasy netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkitmegiň täsirli guraly hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan öz Bitaraplygyna eýe bolmaklygy bilen ençeme taryha barabar bolan içerki we daşarky syýasyýasatlarynda üstünliklere ýetildi. Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary barha rowaçlanyp, uly sepgitlere ýetildi, has dogrusy ýurdumyz bütin dünýäde uly abraýa eýe boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli 2020-nji ýylyň 4-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebinde göçme sergisi gurnalýar.
Biziň sungat ussatlarymyz bedew atlarymyzy nakgaşçylykda, heýkeltaraşçylykda, zergärçilikde we amaly-haşam sungatlarymyzda diýseň ajaýyp waspyny ýetirýärler. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň «Halyçy zenanyň portreti», Nyýazmyrat Dowodowyň «Kitaply gyz», «Professor Ödekowyň portreti» Ýewgeniýa Adamowanyň «Zenan portreti», Yzzat Gylyjowyň «Kitap bazary», Ýakup Annanurowyň «Zenanyň portreti», «Talyp gyzyñ portreti» Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Muzafar Daneşwaryň «Talyp» atly eserler toplumy öz beýanyny tapdy.