«Milli ýörelgämiz - dünýä görelde» atly dabaraly maslahat geçirildi


«Milli ýörelgämiz - dünýä görelde» atly dabaraly maslahat geçirildi



2021-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Milli ýörelgämiz - dünýä görelde» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ata Watanymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny giňden belledi. Türkmen döwletiniň özygtyýarlygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny, erkinligini hem mertebeliligini şertlendirýän, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly 2021-nji ýyl şöhratly wakalara beslenip, tamamlanyp barýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde, türkmen medeniýeti döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýär we bütin dünýä ýaýylýar.
Her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenýär. Hormatly Prezidentimiz bu baýramçylyk mynasybetli, täze goşgy ýazdy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahata medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Milli Liderimiziň täze goşgusynyň manysy, mazmuny, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan belent başlangyçlary barada aýtdylar. Goşguda parahatçylyk, asuda durmuş, erkana ýaşaýyş hakyndaky arzuwlar beýan edilýändigini maslahata gatnaşanlar ýene-de bir gezek tekrarladylar. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen milletleri dostlaşdyrýan, ynanyşmaklygy kalplara guýýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan nusgalyk işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen «Milli ýörelgämiz - dünýä görelde» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy.
Bu maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Aýşat Gijenowa, «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi,Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwran Agalyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti Gülşirin Annamyradowa çykyş etdiler.