Tegelek stol ýazgysy


Tegelek stol ýazgysy



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda Ata Watanymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenip, taryhymyzyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň öňdebarjy zenanlarynyň gatnaşmagynda eziz diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri şeýle-de kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda söhbet edilip, tegelek stol ýazgysy geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşan Zenanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyz üçin alyp barýan tutanýerli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler!