Gülleýär Watanym-jan Türkmenistan
«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen atlandyrylan 2021-nji ýyl ýurdumyzyň syýasy durmuşynda ähmiýetli wakalara baý ýyllaryň biri hökmünde taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bilimde, ylymda, ykdysadyýetde, medeniýetde, binagärlik-gurluşykda we durmuşyň beýleki ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Ýurdumyzyň parahat söýüjilikli, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da ýokary göterilmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem-de ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli milli Liderimiziň ýolbaşçylygy bilen uly işler alnyp barylýar. Köpsanly mermer binalaryň gurulmagy binagärlik-gurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam edýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy bilen bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryň giden hatarynyň gurulmagy Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet-adam üçindir» diýen şygarynyň ýerine düşýändigini alamatlandyrýar. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyzyň Aşgabat ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda täze sahypany açdy. Şondan bäri hem gözel paýtagtymyzyň mermer keşbi has hem gözelleşýär. Şol günden bäri bolsa 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni diýilip bellenilýär.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklaryndan Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda «Gülleýär Watanym-jan Türkmenistan» atly sergi gurnaldy. Bu sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ý.Adamowa, A.Hajyýew, belli suratkeşler S.Hojagulyýewa, I.W.Pawlowskaýa ýaly ussatlaryň ajaýyp eserleri uly öwüşgin berýär. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri S.Meredowyň «Altyn güýz» atly eseri Aşgabadyň beýik binalarynyň gurluşygynyň giň depginde alnyp barylýandygyny, owadan altyn öwsüp duran baglaryň ajaýyp keşbi kendiriň ýüzünde ýagty reňkler bilen janlandyrylan bolsa, K.Seýitmuhammedowyň «Garaşsyzlyk toýy» atly eserinde türkmen halkynyň uly dabara, şatlyk-şowhun bilen toý toýlap duran pursady uly gowrümli eserde şekillendirilip görkezilendir. Şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Gülşat ALLAMYRADOWA