Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk bilen geljegiň ýagty, geçmişiň arzuwy şu günüň bagty” ady bilen doredijilik duşuşygy


Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk bilen geljegiň ýagty, geçmişiň arzuwy şu günüň bagty” ady bilen doredijilik duşuşygy



Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlar toýa ulaşýan ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygymyz uly şatlyk bilen garşy alynýar. Şeýle baýramçylyk çäreleriniň biri hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy we Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde “Garaşsyzlyk bilen geljegiň ýagty, geçmişiň arzuwy şu günüň bagty” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Bu döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa, muzeý we kitaphanalar ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdy. Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ösüşi, ajaýyp durmuş, täze eýýamyň özgerişi, söýgi hakynda ajaýyp şygyrlary diňlenildi. Züleýha Kakaýewanyň ýerine ýetiren aýdymlary bolsa döredijilik duşuşygynyň şowhunyny artdyrdy. Muzeý we kitaphana ulgamynyň hünärmenleriniň çykyşlarynda medeniýet ulgamynda we sungat äleminde gazanylan ösüşler barada beýan edildi.