Göçme sergisi guraldy


Göçme sergisi guraldy



Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ajaýyp işler amala aşyrylýar. 2020-nji Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany ýyly mynasybetli Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ajaýyp sungat eserleriniň sergilenmegi uly many mazmuna eýedir. Türkmenistan öz Bitaraplygyna eýe bolmaklygy bilen ençeme taryha barabar bolan içerki we daşarky syýasatlarynda üstünliklere ýetildi. Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary barha rowaçlanyp, uly sepgitlere ýetildi, has dogrusy ýurdumyz bütin dünýäde uly abraýa eýe boldy.

Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylynda Medeniýet we sungat işgärleri üçin has hem döredijilige baý ýyllaryň biri bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda muzeý gymmatlyklaryny wagyz etmek maksady bilen döwletimiziň ýokary okuw mekdeplerinde sergiler geçirilýär. Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde göçme sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleriň Yzzat Gylyjowyň «Newanyň buzluklary», Ýewgeniýa Adamowanyň «Dutar hakda söhbet», Toýmämmet Esenmämmedowyň «Gaýdyp gelmek», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň «Gadymyýet» atly eserler toplumy ýaly birnäçe nakgaş eserleri sergilendi. Halypanyň bu eserlerinde taryhy ýadygärlikler beýan edilýär. Ýewgeniýa Adamowanyň zenan keşbine ýüzlenip döreden nakgaş eseri, naýbaşy eserleriň biridir. Suratkeş açyk reňkleriň kömegi bilen portret eseriniň ýagdaýyny gönümel bermegi başarýar. Şeýle-de sergide görkezilýän peýzaž eserlerinde oba tebigatynyň gözelligi beýan edilýär. Ene ýerimiziň hereketi açylyp, tebigatyň gözelligi adamlara-da öz täsirini ýetirýär. Bu eserdäki ähli zatlaryň goşa-goşalykda beýan edilmegi eseriň täsirini hasam güýçlendirýär. Şeýle hem sergide gelin-gyzlaryň keşbine ýüzlenip döredilen heýkeller goýuldy.