«Watan gahrymanlary unudylmaýar» atly sergi gurnaldy


«Watan gahrymanlary unudylmaýar» atly sergi gurnaldy



Aşgabatda 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gije adamzadyň taryhynda iň elhenç, iň bir weýran ediji tebigy betbagtçylykly ýer titreme boldy. Bu tebigy betbagtçylyk bir pursadyň özünde owadan hem gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini weýran etdi. Öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi.Ýurdumyzda her ýyl 6-njy oktýabrda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde hem-de Watan goragyna gidip, söweş meýdanlarynda wepat bolan gerçekler ýatlanylýar.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasy, milli medeniýeti, däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri bar. Halkymyz özüniň gahrymançylykly taryhynyň öçmejek pursatlaryny ýatlap, gahryman ata-babalarymyzyň edermenligine sarpa goýýar we Gökdepe galasyny goraýjylaryň gaýduwsyzlygy baradaky hakydany nesilden-nesile geçirýär. Hatyra güni türkmen halky öz gahrymanlaryny hatyralap, olaryň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda «Watan gahrymanlary unudylmaýar» atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýde saklanylýan täsirli eksponatlar görkezildi. Dürli pudaklardan myhmanlar çagyryldy. Sergide edilen çykyşlarda gahrymançylyk ruhuna beslenen köp asyrlyk taryhymyzda pederlerimiziň Watan goragynda görkezen gahrymançylygynyň türkmeniň adyny şöhratlandyrýandygy, görkezen göreldesiniň ýaş neslimize nusgalyk mekdepdigi barada gyzykly gürrüň edildi. Myhmanlar täsirli gurnalan sergiden hoşal boldular.