Gökderedäki göçme sergi


Gökderedäki göçme sergi



Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen muzeý gymmatlyklaryny sergilemek arkaly dürli dabaralar yzygiderli geçirilip durulýar.

Türkmenistan bagtly çagalaryň mekany Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn kemala gelmegi olaryň gowy okap terbiýe almagy üçin Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda uly mümkinçilikler döredilýär.
Biziň gelejegimiz bolan ýaş nesillerimize ýurdumyzda ýokary derejeli çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi bizi diýseň buýsandyrýar. Çagalaryň dynç alyş möwsüminde özleriniň boş wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary olaryň gelejeginiň has ajaýyp bolmagyna uly itergi berýär.

Tomus möwsüminiň dowam edýän pursatynda Gökdere jülgesinde dynç alýan çagalaryň wagtyny şadyýan geçirmek hem-de şekillendiriş sungatynyň üsti bilen türkmen tebigatynyň gözelliklerini ýaş nesle görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan Gökderedäki Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde göçme sergi gurnaldy.
Sergide ussat suratkeşleriň eserlerinde türkmen tebigatyny we çagalaryň şadyýan durmuşyny wasp edýän gözellikler milli öwüşginlere beslenýär. Gözel tebigatymyz baradaky eserler suratkeşler tarapyndan inçelik bilen şöhlelendirilipdir. Sergide türkmen çagalarynyň bagtly durmuşyny wasp edýän eserler toplumy we dürli döwletler tarapyndan berlen sowgatlyklaryň ýygyndysy öz beýanyny tapdy.