HALY SUNGATYNYŇ WASPÇYSY


HALY SUNGATYNYŇ WASPÇYSY



Irki döwürlerde dörän haly dokmaçylygy senedi müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, biziň döwrümize çenli beýik we inçe sungata öwrüldi. Bu halylar diňe biziň milletimiziň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň medeniýetiniň ösmegine-de öz täsirini ýetiripdir. Halylarymyzyň şöhratynyň dünýä içre ýaýramagynda muzeýleriň hyzmaty uludyr.
Şekillendiriş sungaty muzeýimizde halypa ussatlaryň haly temasyna degişli dürli görnüşli heýkel eserleri bar. Şeýle eserleri döredenleriň biri-de monumentalhaşam nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk sungatynda kämillige ýeten Alekseý Timofeýewiç Şetinindir. Ol 1926-njy ýylyň 30-njy martynda Russiýanyň Serdobsk şäherinde dünýä inýär. 1930-njy ýylda olaryň maşgalasy Türkmenistana göçüp gelýär. Şeýlelikde, Türkmenistan suratkeşiň ikinji Watanyna öwrülýär. Ol bu ýerde çagalygyny, ýaşlygyny geçirýär hem-de zehinli suratkeş hökmünde adygýar. 1940-njy ýylda Şetinin synag tabşyrmasyzdan, uly zehininiň esasynda, şol wagtky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesiniň ikinji ýyl talyplygyna kabul edilýär. Ikinji jahan urşunyň başlanmagy bilen, ol okuwyny Samarkantda dowam etdirmeli bolupdyr. Şol agyr ýyllarda Özbegistana wagtlaýyn göçürilen Moskwanyň çeperçilik institutynyň nakgaşçylyk bölümine synaglary üstünlikli tabşyran suratkeş N.Maksimowyň we S.Dudnigiň ýolbaşçylygynda işläp başlaýar.

1943-nji ýylda Alekseý keseli zerarly Türkmenistana dolanýar we döredijilik bilen meşgullanyp başlaýar. Şetinin ajaýyp heýkelleri döredip, sungat äleminde uly üstünlikleri gazanýar. 1960-njy ýyllarda ol yzygiderli mozaika pannolaryny ýerine ýetiripdir. Olar türkmen paýtagtynyň iň gowy binalarynyň içini we daşyny bezäpdir. Heýkeltaraşyň işleriniň arasynda dürli reňk öwüşginlerini özüne siň¬diren öň¬ki «Aşgabat», häzirki «Paýtagt» myhmanhanasynda ýerleşdirilen «Türkmen halysy barada hekaýat» (1961 — 1964) atly eserini belläp geçmezlik mümkin däl. Sungaty öwreniji P.Popowyň belleýşi ýaly: «Suratkeş pannosynda milli haly sungatymyzyň türkmen zenanlarynyň altyn ellerinden döredilişini şahyrana beýan edýär». Heýkeltaraşyň bu işi taslama gurluşynyň gyzyklylygy, başarjaň¬lyk bilen goýlan reňkleriň sazlaşygy arkaly öňe saýlanýar. Halyçylaryň ruhy dünýäsine has çuň¬ňur aralaşan suratkeş olaryň mertebeli keşplerini oturyşlarynda, özüne çekiji hereketlerinde ýüze çykarmagy başarypdyr. Zenanlaryň gözelligi nepislik bilen wasp edilip, gyzyl, gök, ýaşyl reňkli syrça bezeginiň öwüşginlerinde janlandyrylýar. Heýkeltaraş halyçylaryň döredijilik hyjuwyndaky ýagdaýyny, şol bir wagtda her bir zenanyň özboluşly keşbini döretmegi başarypdyr. Biri näzik, beýlekisi alçak, ýene biri gujurly halyçylaryň her haýsysynyň öz dünýäsi bar. Beýan edilen zähmet pursady bolsa olary özara birleşdirýär. Heýkeltaraş Alekseý Şetinin türkmen halysyny öz eserinde hekaýata öwrüp beýan etmegi ussatlarça başarypdyr. Şetininiň türkmen sungatynyň ösmegi ugrunda eden işleri köpdür. Ol daş, mermer, beton, bürünç, demir-galaýy, agaç, şamot, aýna, faýans, terrakota ýaly materiallaryň ählisinde öz ukyp-başarnygyny doly açyp görkezmegi başarypdyr. Onuň döredijiliginde farfordan ýasalan eserler toplumy uly orun tutýar. Ol «Gyjakly ýaşuly» (1958), «Türkmen tansy» (1958), «Eli ýumakly türkmen zenany» (1962), «Magtymgulynyň portreti» (1964- 1965) diýen heýkelleri döredýär. Ol işler suratkeşiň kämillige ýetendigini görkezýär.

Alekseý Şetininiň 1973 — 1975- nji ýyllar aralygynda reňklenen şamotdan ýerine ýetiren «Ýaş halyçylar» heýkel toplumy reňkleriň bimöçber nepisligini öz içine alýar. Heýkeltaraş üç bölekden durýan bu eserinde nepis türkmen halysynyň üstünde iki sany ýaş, owadan halyçyny biri-birine bakyp oturan görnüşde şekillendiripdir. Ýaş gyzlaryň gapdalynda bolsa olaryň dokmada ulanýan ýüpleri ýerleşdirilipdir. Halyçylaryň köýneklerindäki goýy ýaşyl, gyrmyzy we gök reňkli syrçalar işiň dekoratiw bezegini amaly-haşam sungaty eserlerine ýakynlaşdyrýar. Elleri ýüpli halyçylar edil läle kakýan gyzlary ýady¬ňa salýar. Dokmaçylaryň ýüzi, täsin bakyşlary köň¬lü¬ňe rahatlyk berýär.
Ady agzalan heýkel eserleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň giň zalyny özboluşly bezäp dur. Olar ýaş suratkeşlere döredijilik gözleglerinde nusga bolup hyzmat edýär.

Myrat Hojanow