Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde gurnalan göçme sergi


Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde gurnalan göçme sergi



2021-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli merkeziniň Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alýan şadyýan körpeleriň göwünlerini galkyndyrmak, olaryň dynç alyş döwrüni has hem gyzyklandyrmak we olaryň şekillendiriş sungatyna bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan sungat eserlerinden göçme sergi gurnaldy.
Merkezde dynç alýan çagalara çagalaryň durmuşyndan söhbet açýan her bir eser dogrusynda muzeý hünärmenleri gyzykly gürrüň berdiler. Sowal-jogaplar alyşmak arkaly gyzykly geçen sergi çagalarda ýakymly täsir galdyrdy. Olaryň her birinde sungata bolan uly gyzyklanmany döretdi.