Okuw mekdebinde göçme sergi guraldy
2020-nji ýyla «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» diýlip at berilmegi uly bir many mazmuna eýedir. Türkmenistan öz Bitaraplygyna eýe bolmaklygy bilen ençeme taryha barabar bolan uly üstünliklere eýe boldy. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlarynda ajaýyp üstünliklere ýetildi. Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary barha rowaçlanyp, uly sepgitlere ýetildi, has dogrusy ýurdymyz bütin dünýäde uly abraýa eýe boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli 2020-nji ýylyň 6-njy apreldan 12-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde göçme sergisi gurnalýar.
Sergide ussat suratkeşler Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň «Täze aýdym», Öwezmuhammet Mämmetnurowyň «Ýaz sagymy», «Dag etegi», belli suratkeşler A.Amanmämedowyň «Gözeller», R.Çüriýewiň «Akar çeşme peýzažy», Ý.Grişiniň «Dagda bahar», «Bahar», «Tomus güni», Walentin Kudrýaşowyň «Parfiýa ýaýlasy», atly eserler toplumy öz beýanyny tapýar. Eserlerde türkmeniň taryhyny wasp edýän milli gymmatlyklarymyzyň gözellikleri milli öwüşginlere beslenýär.
Şeýle hem serginiň dowamynda muzeý işleriniň alnyp barlyşy, sergileriň gurnalşy, muzeý toplumlarynyň görnüşleri, medeniýetiň ösüşi geçmişiň çeper manysyny açyp görkezýän fotosuratlaryň toplumy, Suratkeş G.Annamyradowanyň «Garaguma syýahat», «Bedew atym erkana» atly işleri, dürli döwletleriň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren «Deňiz peýzažy», «Peýzaž» atly eserler toplumynyň birnäçesi sergilenýär. Sowgatlyk işlerde dürli ýurtlaryň sungaty we gözel tebigatynyň şekilleri öz beýanyny tapýar.