ZENAN KALBYNDAN DÖREÝÄN NEPISLIKLER


ZENAN KALBYNDAN DÖREÝÄN NEPISLIKLER



Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halkynyň milli mirasyny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň gurnamagynda «Zenan kalbyndan döreýän nepislikler» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň milliliginiň, däp-dessurlarynyň örän gadymylygy we özboluşly tapawudy, köp asyrlyk taryhy barada gürrüň edildi.

Mälim bolşy ýaly, dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan türkmen gelin-gyzlarynyň el hünärleri gadymy milli mirasymyzyň biri hasaplanýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygynyň dürli ugurlarynda yhlasly zähmet çekýän zenanlara, dilleri senaly mährem enelerimize Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň hormat-sarpasynyň belentdigini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy gülletmek ugrundaky alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.