Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde sergi gurnaldy


Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde sergi gurnaldy



Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde il-ýurt bähbitli, döwletli işler amala aşyrylýar, bagtyýar halkymyzy toý-baýramly günleriň gujagynda ýaşadýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri taryhy özgerişleri bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde muzeýiň türkmen nakgaş, keramika eserlerinden düzülen ajaýyp sergi gurnady. Sergide halypa, ussat suratkeşler, heýkeltaraşlar Ý.Annanurowyň “Tikinçiler”, J.Bekdurdyýewiň “Işden gaýdyp gelmek”, G.Ýarmämmedowyň “Pagtaçy gyz”, A.Ataýewiň “Gopuzçy gyz”, A.Taganowyň “Gül güldan”, M.Ataýewanyň “Hereket” atly birnäçe ajaýyp eserleri sergilendi. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy ýokary derejede ösdürmäge, ony çuňňur öwrenip, döwrebap baýlaşdyrmaga, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi uly buýsanç bilen bellenildi.