Türkmenistan ýüpekçiligiň gadymy mekany


Türkmenistan ýüpekçiligiň gadymy mekany



Türkmenleriň ýüpekçilik medeniýeti öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ýüpekçiligiň halkymyzyň iň inçe, gadymy senetleriniň biri bolandygyna dürli taryhy çeşmeler, ýurdumyzda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan gazuw agtaryş işleri şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň çäkleri taryhy ýerleriniň Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşip onuň ykdysady taýdan howpsuzlygyny üpjün etmekde we yzygider amala aşyrmagynda esasy köpri bolup hyzmat edipdir. Türkmeniň döreden gymmatlyklaryna ýüpek matalary, Beýik ýüpek ýoly boýunça alnyp barylan söwda gatnaşyklarynda uly isleg bildirilen harytlaryň biri bolupdyr. Söwda kerwenleri arkaly Mary, Ürgenç, Nusaý, Dehistan ýaly uly şäherleriň şowhunly bazarlarynda Çyn-Maçyndan, Şamdan, Yrakdan, Eýrandan, Hindistandan, Kawkaz ýurtlaryndan, matalaryň, şalyň, çig ýüpegiň söwdasynyň bolandygy orta asyr ýazuw çeşmelerinde teswirlenilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň guramagynda “Türkmenistan ýüpekçiligiň gadymy mekany” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ýüpekçilik-gadymy senet” atly sergi gurnaldy. Maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dokma önümçilik kafedrasynyň uly mugallymy Arzygül Kakalyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasynyň mugallymy Myratberdi Çopanow, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň uly mugallymy Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Jeren Çaryýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnogrfiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Bahartäç Rüstemowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Ogulbaýram Durdyýewa çykyş etdiler.

Sergi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölüminde ýüpekçiligiň taryhy, pileleriň görnüşleri we ýüpek dokmaçylygynda ulanylýan gurallar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da egin-eşikleriň aglaba bölegi: keteni köýnekler, donlar, başgaplar, başatgyçlar hem-de türkmen zenanlarynyň ik egrip duran pursadynyň ýerleşdirilmegi serginiň milliligini artdyrýar.

Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň gurnan sergisinde döwrebap lybaslar, ýüpekden dokalan haly we haly önümleri, matalar ýagny, pombarhlar, keteniler, düýpli gyňaçlaryň sergilenmegi ýüpekçilik pudagynyň häzirki döwürde kämilleşýändiginiň beýanydyr.