“Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli göçme sergisi


“Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli göçme sergisi



2020-nji ýyla “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip at berilmegi uly bir many mazmuna eýedir. Türkmenistan öz Bitaraplygyna eýe bolmaklygy bilen ençeme taryha barabar bolan uly üstünliklere eýe boldy. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlarynda ajaýyp üstünliklere ýetildi. Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary barha rowaçlanyp, uly sepgitlere ýetildi, has dogrusy ýurdumyz bütin dünýäde uly abraýa eýe boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli 2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde göçme serginiň açylyş dabarasy boldy.

Sergide ussat suratkeşler Nyýazmyrat Dowodowyň “Gurluşyk senagaty zawody”, Ýakup Annanurowyň “Ussat zenan”, Mämmet Mämmedowyň “Toý”, Annadurdy Almämmedowyň “Magtymgulynyň Watanynda”, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň “Dag etegi”, Wýaçeslaw Maýkowskiniň “Asman aty”, Walentin Kudrýaşowyň “Parfiýa ýaýlasy”, Kakageldi Seýitmuhammedowyň “Garaşsyzlyk toýy”, “Bu gün toý”, Abdulali Nagiýewiň “Howdanyň gurluşygy”, “Küýzeli natýurmort”, Rejepberdi Muhammedowyň “Rowaýat” atly eserler toplumy öz beýanyny tapdy. Eserlerde türkmeniň taryhy wasp edýän milli gymmatlyklarymyzyň gözelliklerini milli öwüşginlere beslenýär. Serginiň süňňünden geçýän taryhy milli gymmatlyklarymyz, taryhy şahsyýetlerimiz, gözel tebigatymyz baradaky eserler suratkeşler tarapyndan inçelik bilen şöhlelendirilipdir.

Şeýle hem serginiň dowamynda dürli döwletleriň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren “Deňiz peýzažy”, “Peýzaž” atly eserler toplumynyň birnäçesi sergilendi. Bu işler Türkmenistan Watanymyzyň medeni dostlukly gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Sowgatlyk işlerde dürli ýurtlaryň sungaty we gözel tebigatynyň şekilleri öz beýanyny tapýar.