«Sanly ulgamyň mümkinçilikleri» atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty


«Sanly ulgamyň mümkinçilikleri» atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni taryhy wakalara uly zähmet üstünliklerine beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlyklarynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň muzeýleriniň işini kämilleşdirmekde hem tutanýerli işler durmuşa geçirilýär.

Dünýäde ylmyň, tehnikanyň ösmegi bilen häzirki zaman habarlar we aragatnaşyk tehnologiýasynda wirtuallaşdyrmak dünýäsi giň gerim orun alýar. Şol sanda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnamagynda «Sanly ulgamyň mümkinçilikleri» atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahaty «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň alyp baryjysy Nowruz Güýjow alyp bardy.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş gaznalary goraýjysy Mähri Atdaýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Şatlyk Saparow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby Oraz Myradow, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Oguljan Berdiýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş hünärmeni Ogulabat Kakalyýewa çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahata gatnaşanlar sanly ulgamy ösdürmekde alyp barýan uly işleri üçin hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.