Sarpasy belent gerçekler
Eziz diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygarly ýylymyzda, ýene-de bir şanly senesi bolan Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy uly dabaralara beslenip toýlanylýar. Türkmeniň gerçek ýigitleri, ata watanymyzyň, ene topragymyzyň, tutuş dünýäniň asudalygy, üçin janlaryny aýaman söweşen ýürekli gahrymanlardyr.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Beýik Ýeňşiň şanly 79- ýyllygyna bagyşlanyp «Sarpasy belent gerçekler» atly sergi gurnaldy. Ajaýyp sergide ussat suratkeşleriň watançylyk urşuna gatnaşan gahrymanlaryň keşpleri, tylda çekilen zähmet pursatlary eneleriň buýsanç bilen ýeňiş bilen dolanyp gelýän gerçekleri garşylajak bolup duran pursatlaryny ussatlyk bilen beýan edýär. Kakageldi Seýitmuhammedowyň «Gelýärler», Çary Öwwäýewiň «Hiç kim ýatdan çykanok - hiç zat unudylanok», Annameret Taganowyň «Gutlaýarys», Welmyrat Jumaýewiň «Ýeňijiler» atly eserler baý reňk sazlaşyklary şatlykly we gamly pursatlary bilen sergini synlanlarda uly täsir galdyrdy.
Sergä gatnaşanlar umumadamzadyň abadan, parahat ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary öňe sürýän, döwletli işleri amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny, alkyşlaryny beýan etdiler.