Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi boýunça hyzmatdaşlyk


Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi boýunça hyzmatdaşlyk



Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda muzeý işini has-da kämilleşdirmek, muzeýleriň işiniň ösdürilmegi boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Muzeýleriň gaznahanalary ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijelerinde tapylan birnäçe taryhy gymmatlyklar bilen üsti ýetirilip durulýar we ol tapyndylar muzeýleşdirilýär hem-de goralyp saklanylýar.

Şeýle taryhy tapyndylaryň arasynda bolsa rejeleýiş işlerine mätäçleri hem bolýar. Rejeleýiş işine mätäç gymmatlykar bolsa rejeleýji-hünärmenler tarapyndan öwrenilýär we rejelemek işleri geçirilýär. Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işleri diňe bir öz ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenler bilen hem maslahatlaşmak arkaly ýerine ýetirilýär.

«Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Gäwür-gala ýadygärliginden tapylan birnäçe bölekden ybarat bolan Buddanyň heýkeliniň kellesi muňa mysal bolup biler. Bu gymmatly tapyndy Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkeldir. Bu ýadygärligi öwrenmek işi 1960-1978-nji ýyllar aralygynda akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan geçirildi we bu işleri arheolog-doktorlar Gennadiý Koşelenko we Zamira Usmanowa ýerine ýetirdiler. «Buddanyň heýkeliniň kellesi» sungatyň we Türkmenistanyň taryhynda täsin ylmy we taryhy ýadygärlik bolup durýar. Merwdäki çig palçykdan ýasalan Budda heýkeli, Buddist binalarynyň içki bezeginde ulanylan tehnologiýa usulynyň günbatar mysalydyr. Buddanyň heýkeliniň kellesi bişirilmedik toýundan ýasalandygy üçin çalt zaýalanýar, şol sebäpden zaýalanmagynyň öňüni almak möhüm iş bolup durýar. Şeýle bolansoň, Döwlet muzeýi tarapyndan bu gymmatlygy rejelemek we zaýalanmagynyň öňüni almak üçin «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy» atly maksatnamanyň bäsleşigine hödürlendi we bu Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkelini rejelemek boýunça taslama ýeňiji hökmünde saýlanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda «Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler» atly brifing-maslahaty geçirildi. Bu brifing-maslahat wideoslaýdly çykyşlar we sorag-jogap görnüşinde bolup, oňa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri, Aşgabat şäherinde ýerleşýän döwlet muzeýleriniň işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arheologiki tapyndylary öwrenmekde, rejelemekde we muzeýleşdirmekde, taryhy medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde alnyp barylýan işler barada, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalar hakynda, şeýle hem bu ugurda öňde durýan wezipeler dogrusynda söhbetdeşlik gurnaldy.

Maslahatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimou çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde yglan edilen bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hödürlenip, ýeňiji bolan taslama, ýagny Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkelini rejelemek işlerine ýaňy ýakynda badalga berilendigi we bu ugurda alnyp baryljak işler dogrusynda hem giňişleýin durlup geçildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň irki döwürlerden başlanandagyny, bu halklary Ýüpek ýolunyň baglanyşdyrýandygy barada giňişleýin durup geçdi.

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Pithambaran Nair çykyş etdi. Ol öz çykyşynda iki döwletleri medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy barada durup geçdi. Şeýle hem Buddizmiň döreýşi barada, onuň ýeten ýokary derejeleri barada giňişleýin çykyş etdi.

Maslahatda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy Muhammetdurdy Mämmedow, «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň baş gaznalary goraýjysy Annamyrat Orazow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň «Arheologiýa we etnologiýa» kafedrasynyň mugallymy Röwşen Gapbargulyýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Durdymyrat Atdaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Agabaý Atagarryýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi» kafedrasynyň müdiri Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Serdar Maşarykow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň «Arheologiýa we etnologiýa» kafedrasynyň mugallymy Ýazgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri Ogulşat Dädebaýewa çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi barada, dünýä tejribesi we bu ugurda ýetilen sepgitler barada giňişleýin durup geçdiler. Taryhy tapyndylar rejeleýiş işleri geçirilip dikeldilenden soň, olary gorap saklamak üçin bildirilýän talaplar barada hem durup geçdiler.

Brifing-maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi muzeý ulgamyny kämilleşdirmekde, şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň ýadygärliklerini dikeltmekde alyp barýan işleri we bu ugurdaky taýsyz tagallasy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.