Gurnaklaryň nobatdaky sapaklary
«Ýaş suratkeş» gurnagynda okuwçylar Nowruz baýramyna bagyşlanan we ýaz paslyna degişli taslamalary taýýarladylar. Çagalar türkmen tebigatynyň ýaz paslynda janlanyp, baglaryň pyntyklap başlamagyny we Milli bahar baýramy Nowruz baýramyny öz suratlarynda suwly reňkler we guaş boýaglary bilen beýan etdiler. Surat sapagyny alyp baran Döwlet muzeýiniň «Çeper dikeldiş we rejeleýiş işleri» bölüminiň dikeldiji suratkeşi Gülşirin Oraznobatowa.
«Ýaş tebigatçy» gurnagynda çagalar Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň köpdürliligini we olaryň ähmiýetini öwrendiler. Okuwçylar sapagy Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekspozisiýasynda geçdiler. Sapagy Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgäri Bägül Atabaýewa geçirdi.
«Ýaş taryhçy» gurnagynda çagalara Döwlet muzeýiniň taryh zallaryndan geçilen temalary gaýtalamak boýunça umumy sapaklar berkidildi. Çagalar Taryh bölümlerine dolulygyna aýlandylar hem-de ekskursiýa aldylar.
Geçilen temanyň okuwçylaryň hakydasynda galmagy üçin olaryň aralarynda test görnüşli sorag-jogaply bäsleşik geçirildi. Bu sapagy muzeýiň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň ylmy işgäri M.Mämmetjumaýewa geçirdi.