Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar


Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bedew bady bilen öňe barýan, asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar» atly sergi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Geçirilen sergide «Watana Gulluk etmek, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny berkitmek, gazanylýan üstünliklere goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr.» diýip belläp geçildi. Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda aýry-aýry pudaklarda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplar, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp şekilli halylary we haly önümleri, şeýle-de muzeý gymmatlyklary uly orun aldy.

Sergä gatnaşan myhmanlar Garaşsyzlyk ýyllarynda baý medeni mirasyny, onuň dünýä medeniýetine goşýan goşandy, türkmen medeniýetiniň döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýändigi we bütin dünýä ýaýylýandygy hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi, şu güni barada örän täsirli giňişleýin gürrüň berdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asuda abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!